Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Худай бу әхте «Тәзе» диймек билен, өңки әхтиң көнелендигини гөркезди. Көнелип, сандан галан зат болса, тизара ёк болуп гидйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 8:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.


Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.


Emma Hudaýyň Özi ol ähtden kemçilik tapyp, halkyna şeýle diýdi: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. Muny Reb aýdýandyr.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ