Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен оларың этмишлерини багышларын, инди гүнәлерини ятламарын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 8:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.


Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar.


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Olary Maňa garşy eden ähli günälerinden saplaryn; Maňa garşy eden ähli günälerini, bar eden etmişlerini bagyşlaryn.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ