Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 8:11 - Mukaddes Kitap

11 Mundan beýläk hiç kim biri-birine ýa-da doganyna „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мундан бейләк хич ким бири-бирине я-да доганына „Ребби танаң!“ дийип өвретмез, себәби оларың улудан-кичә хеммеси Мени танар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 8:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret.


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.


Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,


Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy.


Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


Şonda özleriniň Hudaýy Men-Rebbiň olar bilen biledigimi, ysraýyl halkynyň bolsa Meniň halkymdygyny bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.


Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.


Uly-kiçi hemme ony üns berip diňlärdi we ol hakda: «Beýik gudrat diýip atlandyrylýan Hudaýyň gudraty, ine, şudur» diýýärdiler.


Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ