Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!»
Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.