Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 7:22 - Mukaddes Kitap

22 Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Бу ант аркалы Иса хас оңат әхтиң кепили болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 7:22
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn.


Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim.


Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.


Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,


Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Şeýle hem ölüm ruhanylaryň işini togtatýandygy üçin, olaryň sany köpdi.


Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ