Еврейлер 7:19 - Mukaddes Kitap19 Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап19 Чүнки канун хич бир зады кәмиллешдирмеди. Инди мунуң дерегине бизи Худая якынлашдырян хас оңат бир умыт берилди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.
Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.
Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi.