Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма акбашдыр яндак битйән ер дерексиздир, ол нәлетленендир ве ховп астындадыр. Ахырсоңы оны ода якарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 6:8
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.


Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh dakdy.


Demir ýa-da naýza sapy ulanylýandyr olara, hem duran ýerinde oda ýakylýandyr olar».


goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken, arpa ýerine haşal otlar bitsin!» Eýýubyň sözleri tamam boldy.


Men gazaply däl, çalylar, tikenler garşyma çyksa, olar bilen söweşip, baryny oda ýakaryn.


Ol çöldäki bir çaly ýalydyr, ýagşylyk gelende ony görmez. Gurak çölde, ilatsyz şorlukda ýaşar.


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.


Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.


Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.


Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.


Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar.


Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.


Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr.


Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ