Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 6:17 - Mukaddes Kitap

17 Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Худай хем вадасыны кабул эдйәнлере Өз максадының үйтгевсиздигини субут этмек иследи. Шонуң үчин Ол муны касам билен тассыклады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 6:17
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn».


Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.


Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.


Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy.


Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.


Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ