Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ялталыга йүз урмаң, гайтам, иман хем сабыр-такат аркалы Худайың вадаларына говшанларың гөрелдесине эериң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 6:12
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.


Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.


Ýaltanyň ýoly tikenli aýmança meňzeýär, dogruçylyň ýoly bolsa düzdür.


Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre, dogruçyllaryň ýoluny tut.


Gapy öz petlelerinde nähili aýlanýan bolsa, ýalta-da öz düşeginde şeýledir.


Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar.


Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».


Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň?


Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.


sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.


Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz babatda magtanýarys. Sebäbi siz yzarlanyp, görgi baryny görseňiz-de, imanda berk durup, olaryň ählisine çydaýarsyňyz.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.


Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.


Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi.


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ