Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Биз сизиң хер бириңизиң умыдыңызың амала ашмагының иң соңкы пурсадына ченли хызматда гайратлылык гөркезмегиңизи дилейәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 6:11
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.


Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Şoňa görä-de, imanda kämil bolanlarymyzyň bary, goý, şu nukdaýnazardan pikir etsin. Eger haýsydyr bir zat babatda başga pikirde bolsaňyz, onda Hudaý size muny hem aýdyňlaşdyrar.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ