8 Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.
8 Ол Огул хем болса, гөрги гөрүп, табын болмаклыгы өвренди.
Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.
Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.
Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».
Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.
Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.
Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.
ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi.
Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.
Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir?
Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.