Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Хич ким баш руханы болмак хорматыны өзи газанып билмез, ол Харун ялы, Худай тарапындан чагырыляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 5:4
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.


Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez».


Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».


Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?!


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Ertir olaryň içine ot salyp, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakyň. Onsoň Reb kimi saýlasa, şol hem mukaddes bolar. Siz – lewiler, juda öte geçdiňiz!»


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ