Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.
Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».
Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.
Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.
Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.