Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Баш руханы наданлара, ёлдан азашанлара юмшак дарашмагы башаряр, себәби өзүнде хем ынсан кемчиликлери бар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 5:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».


Ýolundan azaşanlar düşünerler, arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.


Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn.


Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


«Aýaklaryňyz üçin dogry ýoly saýlap alyň». Şeýdip, goý, araňyzdaky ejiz we agsak adamlar ýykylmasynlar, tersine, şypa tapsynlar.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.


Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.


Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ