Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Хакыкатдан-да, сиз шу вагта ченли өзүңиз башгалара өвретмелидиңиз ахыры! Гайтам, сиз башгалара дәл-де, башгалар сизе Худайың таглыматының илкинҗи эсасларыны өвретмеклерине мәтәч. Сизе гаты иймит дәл-де, хенизем сүйт герек!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 5:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.


Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.


Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.


Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi.


Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi.


Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk.


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz.


Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.


Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir.


Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ