Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Хер бир баш руханы ынсанлар арасындан сайланяр. Ол Худайың хузурында халка векилчилик этмек үчин белленилип, гүнәлер үчин Худая садакалар ве гурбанлыклар хөдүрлейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 5:1
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».


Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».


Şoňa görä, buýsanaýsam-da, diňe Isa Mesih arkaly Hudaýa hyzmat edýändigime buýsanaryn.


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.


Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Her bir baş ruhany sadakalar hem gurbanlyklar hödürlemek üçin bellenilýär. Şu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem gurbanlyk hödürlemegi gerekdi.


Eger Ol gökde däl-de, ýerde bolsady, aslynda ruhany hem bolmazdy. Sebäbi Mukaddes Kanun boýunça sadakalary hödürleýän ruhanylar eýýäm bardy.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ