Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.
Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim». Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy.
Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».