Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эдил ысрайыл халкына вагыз эдилиши ялы, Хош Хабар бизе-де вагыз эдилди. Оларың эшиден хабарының олара хич бир пейдасы болмады, себәби олар муны иман билен кабул этмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 4:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.


Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi?


Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.


Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


Şonda-da käbir adamlar üçin ol ýere girmäge henizem mümkinçilik bardyr, bu mekan hakda ilkinji eşidenler Hudaýa boýun egmändikleri sebäpli, oňa girmekden mahrum boldular


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ