Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 4:16 - Mukaddes Kitap

16 Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Гелиң, мерхеметли Худайың тагтына батыргайлык билен голайлашалың. Шонда Ол мерхемет эдип, зерур вагтда бизе ярдам берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 4:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň nusgasyny berdi.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.


Isa Mesih we Oňa bolan imanymyz arkaly biz Hudaýyň huzuryna uly ynam we batyrgaýlyk bilen ýakynlaşyp bilýäris.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.


Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Sandygyň gapagynyň üstünde şan-şöhrata beslenen keruplar bardy. Bu keruplar ganatlary bilen gapaga kölege salýardylar. Emma häzir bular barada jikme-jik gürrüň etmegiň wagty däl.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ