Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Баш Руханымыз асла гүнә этмедик хем болса, эдил биз ялы әхли тарапдан сынаглара салныпды. Шонуң үчин хем Ол бизиң эҗизликлеримизе дүшүнйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 4:15
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».


Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez.


Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.


Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz.


Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.


Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».


Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ