Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Худайың дынчлык меканына гирмек хакындакы вадасы хенизем гүйҗүни саклаяндыр. Шонуң үчин-де, хүшгәр болуң, араңыздан хич ким дынчлык меканына гирмекден махрум болмасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 4:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.


Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.


Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip,


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Eý, özüni Mukaddes Kanun arkaly aklamakçy bolýanlar! Siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.


Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ