Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 3:9 - Mukaddes Kitap

9-10 Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de, ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler. Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim: „Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9-10 Кырк йыллап эден ишлерими гөрселер-де, ол ерде аталарыңыз Мени сынап гөрдүлер. Шонуң үчин Мен бу несле газапланып дийдим: „Оларың йүреги хемише Менден узакдыр, Мениң ёлларымдан йөрейән дәлдирлер“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 3:9
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň, eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz.


Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.


Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder.


Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Emma siz Rebbiň görkezen bu beýik gudratlarynyň ählisini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.


Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.


Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.


Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtüp, gark etdim. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.


Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ