Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň. Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Маңа баш галдыран аталарыңыз дей йүрегиңизи гататмаң. Оларың Мени чөлде сынайшы ялы доңйүрек болмаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 3:8
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.


Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?


Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.


Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.


Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy.


Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.


Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.


Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular.


Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.


Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ