Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Онуң сесини эшидибем питне турзанлар кимлерди? Эйсем булар Мусаның Мүсүрден чыкаранлары дәлмиди?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 3:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler.


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


Olardan diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.


Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.


Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».


Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“.


Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ