Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Худайың Өзи хем аламатлар, мугҗызалар, хер дүрли гудратлар гөркезмек билен бу хабары тассыклады ве Өз ислегине гөрә Мукаддес Рухуң пешгешлерини пайлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 2:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady.


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Biz bu zatlara şaýatdyrys, Mukaddes Ruh hem şaýatdyr. Hudaý Mukaddes Ruhy Özüne boýun bolanlara berdi».


Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi.


Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ