Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шоңа гөрә-де, биз ынам билен шейле диййәрис: «Реб – тарапдарым, мен горкмаярын, ынсан маңа нәме эдип билсин?».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 13:6
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.


Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!


Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas edýändir.


Ol gökden kömek iberip, meni halas eder, maňa sütem edýäni utanja goýar. Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.


Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip, biri-birine aýdýar.


beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Isa Mesih we Oňa bolan imanymyz arkaly biz Hudaýyň huzuryna uly ynam we batyrgaýlyk bilen ýakynlaşyp bilýäris.


«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ