Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 13:2 - Mukaddes Kitap

2 Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мыхмансөер болуң. Чүнки мыхмансөер адамларың кәбири перишделериң кимдигини билмезден олары мыхман алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 13:2
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün Günüň jokrama yssy wagtynda Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.


Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.


Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy.


eşiksiz heläk bolany, ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,


(mysapyr köçede ýatan däldir, çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy)


Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi?


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz,


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.


Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


eýsem myhmansöýer, ýagşylyk etmäge höwesjeň, parasatly, adalatly, takwa, nebsine buýrup bilýän bolmalydyr.


Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ