Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 13:18 - Mukaddes Kitap

18 Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Бизиң үчин Худая дилег эдиң. Биз выжданымызың арассадыгына ынанярыс ве хемме тарапдан хемише хормата мынасып болуп яшамак ислейәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 13:18
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.


Eý, doganlar! Rebbiň Hoş Habary siziň araňyzda çalt ýaýrap, şöhratlandy. Ol beýleki ýerlerde-de şeýle bolar ýaly, biziň üçin doga-dileg ediň.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ