Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 13:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ягшылык этмеги ве элде барыңызы бейлекилере эчилмеги унутмаң, себәби шунуң ялы садакалар Худая яраяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 13:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň.


Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ