Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 13:15 - Mukaddes Kitap

15 Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Шонуң үчин хем Иса аркалы Худая гурбанлык хөкмүнде хемише өвги багыш эделиң. Онуң адына алкыш айдалың!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 13:15
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Hizkiýa: «Indi siz özüňizi Rebbe bagyş etdiňiz. Golaý geliň-de, Rebbiň öýüne gurbanlyklar, şükür gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Halk gurbanlyklar we şükür gurbanlyklaryny getirdiler; göwnünden çykaran her kes ýakma gurbanlyklaryny getirdi.


Manaşa Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy.


Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.


Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.


Şükür edýänleriň iki topary Hudaýyň öýünde durdy. Men hem ýanymdaky baştutanlaryň ýarysy bilen durdum.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny, beýleki gurbanlyklary bermekde lewi ruhanylary hiç wagt kemlik etmez“».


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.


Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ