Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.
Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi.
Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.