Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.
Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.
Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.