Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:9 - Mukaddes Kitap

9 Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мундан башга-да, бизе тербие берен дүнъеви аталарымыз барды, биз олара хормат гойярыс. Эгер шейдйән болсак, рухы Атамыза хас-да берк табын болуп яшамалы дәлми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:9
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň, meni-de Sen ýaşadýarsyň, meni sagalt, meni ýaşat!


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Atasyna: «Näme üçin dünýä inderdiň meni?» Enesine: «Näme üçin dogurdyň meni?» diýýäniň dat gününe!


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.


«Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken.


Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,


Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur.


Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ