Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сиз арып, рухдан дүшмез ялы, Иса хакда пикир эдиң. Ол гүнәлилер тарапындан көп эзъет чекип, хеммесине чыдады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:3
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».


Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler.


«Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Näme üçin olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar?» diýip soradylar.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler.


Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.


Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.


Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi.


Bu işi Sabat güni edendigi üçin ýahudylaryň baştutanlary Isany yzarlamaga başladylar.


Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler.


Fariseýler Oňa: «Sen Öz-Özüňe şaýatlyk edýärsiň, Seniň şaýatlygyň hakyky däl» diýdiler.


Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň.


Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.


Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.


Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme.


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ