Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.
Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.
Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.
Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.
emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.