Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:27 - Mukaddes Kitap

27 «Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 «Ене бир гезек» диен сөз титрәйҗек затларың, ягны ярадылан затларың арадан айрылҗакдыгыны, ыранмаз затларың эбеди галҗакдыгыны аңладяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:27
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.


Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.


«Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez.


«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.


Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr.


Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.


çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.


Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Onsoň men bir täze gök bilen bir täze ýer gördüm. Çünki öňki gök we ýer aýrylypdy. Indi hiç bir deňiz hem ýokdy.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


Tagtda Oturan: «Ine, ähli zady täzeleýärin» diýdi. Soňra maňa: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we çyndyr» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ