Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:24 - Mukaddes Kitap

24 Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Сиз тәзе әхтиң Бинятчысы Исаның хузурына гелдиңиз. Хабылың өч алмага гыгырян ганына дәл-де, эйсем гүнәлеримизи ювмак үчин сепилен Исаның ганына якынлашдыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:24
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi.


Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi.


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.


Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.


Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.


Emma Hudaýyň Özi ol ähtden kemçilik tapyp, halkyna şeýle diýdi: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. Muny Reb aýdýandyr.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:


Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ