Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:23 - Mukaddes Kitap

23 Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Худайың перзентлериниң йыгнагына голайлашдыңыз, оларың атлары гөкде языландыр. Хеммәниң Казысы болан Худайың хузурына гелдиңиз. Худайың овал-башдан кәмиллиге етирен адамларының өңүне гелдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:23
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebden gorkýan, buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Siz bolsa faraona şeýle diýiň: „Reb saňa şeýle aýdýaryn: Ysraýyl Meniň nowbahar oglum.


ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.


Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.


Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris.


Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.


Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris.


Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi.


Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?!


Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.


Sebäbi Hudaý biziň üçin has oňat bir zady taýynlapdy. Ol Özüne sadyk bolan bu adamlaryň biziň bilen birlikde kämil bolmagyny isledi.


Ol Hudaýa şeýle diýýär: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn».


Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir.


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ