Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:19 - Mukaddes Kitap

19 surnaý sesi ýaňlanyp, Hudaýyň owazy eşidilýärdi. Muny eşiden adamlar Hudaýyň özlerine ikilenç geplemezligi üçin ýalbarypdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 сурнай сеси яңланып, Худайың овазы эшидилйәрди. Муны эшиден адамлар Худайың өзлерине икиленч геплемезлиги үчин ялбарыпдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:19
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.


Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz.


Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady.


Reb oduň içinden size seslendi. Siz Onuň sözlerini eşitdiňiz, emma Onuň Özüni görmediňiz, diňe sesini eşitdiňiz.


Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka?


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ