Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:16 - Mukaddes Kitap

16 Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Хич ким зынахорлык этмесин, новбахарлык хакыны бир окара нахара сатан Ысав ялы Худая әсгермезлик этмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:16
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi.


Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar,


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ