Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бизи шейле көп шаятларың гуршаяндыгы үчин, пәсгелчилик дөредйән хер хили йүки ве бойнумыздан япышан гүнәлери ташлалың-да, өңүмизде дуран ярышда сабырлылык билен ылгалың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 12:1
52 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar saňa öwretmezlermi, aýtmazlarmy, ýüreklerindäki sözleri dile getirmezlermi?


Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Kör donuny bir ýana taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär.


«Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, şaýatlyk eden aýalyň sözi bilen bu şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler.


Pygamberleriň öz ýurdunda gadyrynyň ýokdugyny Isanyň Özi tassyklapdy.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Siz şeýle oňat gadam urýardyňyz ahyryn. Sizi hakykata ynandyrmajak bolup, kim siziň gadamyňyza badak saldy?


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.


Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin.


Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir.


Men ökde söweşiji kimin söweşdim, pellehana ýetdim, imanyma sadyk galdym.


Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.


Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ