Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:9 - Mukaddes Kitap

9 Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Иман аркалы ол Худайың вада берен юрдунда гелмишек болуп орнашды. Ысхак билен Якуп хем Ыбрайым ялы бу ят юртда чадырда яшадылар, себәби оларам Худайың берен шу вадасының мирасдарларыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.


Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.


Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap» diýdi.


Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.


Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.


«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.


Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi.


Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!»


Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny dikipdi. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny dikdi.


Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.


Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.


Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.


Şonda Onuň sözlerine uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.


Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“.


Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ