Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Нух ичерсиндәкилериң халас болмагы үчин иман аркалы бир гәми ясады. Ол хениз болмадык вакалар хакда Худайдан дуйдурыш аланда, Ондан горкуп, Оңа гулак асды. Шейлеликде, бүтин дүнйә җеза сезевар болды, Нух болса иманы аркалы акланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:7
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi.


Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar.


Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi.


Ol aýal Elýaşanyň ýanyndan gaýtdy. Ol öýüne geldi-de, gapyny içinden ýapdy. Ogullary gaplary oňa getirip berýärdiler, ol doldurýardy.


Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär, dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.


Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.


Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir, nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.


Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler».


Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.


Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar.


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar.


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama».


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi.


Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.


Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.


Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».


Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Hudaý gadymy dünýäni hem aýamady. Ol hudaýsyzlar dünýäsini sil aldyrdy, diňe dogruçyllygyň wagyzçysy Nuhy we ondan başga ýedi kişini aman galdyrdy.


Şeýle hem gadymy dünýä şol suw-sil bilen weýran boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ