Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:37 - Mukaddes Kitap

37 Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Оларың кәбирини дашладылар, беденлерини кесип, икә бөлдүлер, гылычдан гечирип өлдүрдилер. Кәбирилер гоюн ве гечи дерисини гейип, сергезданчылык этдилер, мәтәчликде яшадылар, зулум астында ызарланып, хорлук чекдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:37
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.


Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?


Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi.


Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi.


Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.


Onsoň Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan dony alyp, yzyna gidip, Iordanyň kenarynda durdy.


Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.


Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlylaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.


Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Olar Uryýany Müsürden çykaryp, Ýehoýakym patyşanyň ýanyna getirdiler. Ol ony gylyç bilen öldürip, jesedini hem ýönekeý halkyň gonamçylygyna zyňdyrdy.


Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Ol günä gazanyp, wagtlaýyn lezzetli durmuşda ýaşandan, Hudaýyň halky bilen bile horluk çekmegi özüne rowa gördi.


Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň.


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ