Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:34 - Mukaddes Kitap

34 lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 ловлаян оды өчүрдилер, гылыҗың тыгындан гачып гутулдылар, эҗиз болсалар хем гүйчден долдулар, сөвешде кувватланып, кесеки гошунлары дерби-дагын этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:34
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi.


Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.


Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.


Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».


Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi.


Ol seni açlykda ölümden, uruşda gylyçdan gutarar.


Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.


Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly, küteldi ähli duşmanlarym sebäpli.


beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Mähribanlarym, sizi synamak üçin başyňyza inen ot belasyna geň zada sataşan ýaly haýran galmaň.


Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.


«Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňlan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.


Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.


Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ