Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:3 - Mukaddes Kitap

3 Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Биз әлем-җаханың Худайың буйругы билен ярадыландыгына, шейле хем, гөрүнйән затларың гөрүнмейән затлардан дөрәндигине иман аркалы дүшүнйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:3
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Älem-jahany we ondaky ähli zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Hökümdary bolup, Ol ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Sebäbi Hudaýyň sözi we doga-dileg arkaly kabul edilen iýmit Hudaýyň nazarynda halaldyr.


Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi.


Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar.


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ