Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:27 - Mukaddes Kitap

27 Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ол патышаның газабындан горкман, иман аркалы Мүсүри терк этди. Гөзе Гөрүнмейәни гөрени үчин сайлан ёлунда берк дурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:27
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.


Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.


Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gaýdyber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler.


Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.


Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr.


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz.


Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.


Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ