Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:25 - Mukaddes Kitap

25 Ol günä gazanyp, wagtlaýyn lezzetli durmuşda ýaşandan, Hudaýyň halky bilen bile horluk çekmegi özüne rowa gördi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Ол гүнә газанып, вагтлайын леззетли дурмушда яшандан, Худайың халкы билен биле хорлук чекмеги өзүне рова гөрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:25
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.


Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony: Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.


Diňe muňa däl, eýsem muşakgatlarymyza hem begenýäris, sebäbi muşakgatlaryň çydamy,


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz.


Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler.


Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.


Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.


Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ