Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:16 - Mukaddes Kitap

16 Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эмма олар хас говусыны, ягны гөкдәки ватаны арзув эдйәрдилер. Шонуң үчин Худай Өзүни оларың Худайы дийип атландырмакдан утанмаяр. Худай хатда олар үчин бир шәхер тайынлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:16
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.


Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar.


Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim?


„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi.


Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy.


Gelmişekdiklerini boýun alýan adamlar özleriniň bir watan agtarýandyklaryny aýdyň görkezýärler.


Sebäbi Hudaý biziň üçin has oňat bir zady taýynlapdy. Ol Özüne sadyk bolan bu adamlaryň biziň bilen birlikde kämil bolmagyny isledi.


Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz.


çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys.


Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ