Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Еврейлер 11:13 - Mukaddes Kitap

13 Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Бу адамларың хеммеси иң соңкы демине ченли Худая иман эдип яшадылар. Олар вада эдилен юрда говушмасалар-да, ол ери узакдан гөрүп шатландылар. Өзлериниң ер йүзүнде гелмишек хем ятдыкларыны боюн алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Еврейлер 11:13
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.


«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.


Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.


Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Ine, şular Ysraýylyň on iki tiresidir. Atasy olara pata berip, şulary aýtdy. Ýakup ogullarynyň hersine olaryň özlerine laýyk pata berdi.


Ýakup ogullaryna tabşyryk berip bolandan soň, aýagyny düşegine ýygnap, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy.


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.


Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.


Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom dakdy.


Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.


Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.


Men ony görýän, ýöne häzir däl, oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.


Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Ataňyz Ybraýym Meniň geljek günüme garaşyp, şatlanýardy. Ol şol güni görüp, juda begendi».


Ol Hudaýyň Öz beren wadasynda tapyljakdygyna doly ynandy.


Biz halas edilenimiz üçin, indi bu umydymyz bardyr. Ýöne göze görnüp duran umyt asla umyt däldir. Görüp duran zadyna umyt baglaýan barmy näme?


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys.


Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.


Gelmişekdiklerini boýun alýan adamlar özleriniň bir watan agtarýandyklaryny aýdyň görkezýärler.


Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.


Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.


Olaryň hemmesi iman arkaly Hudaýyň öwgüsini gazanan hem bolsalar, olaryň hiç biri Hudaýyň wadasyna gowuşmady.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ